11-nji oktýabrda Arkadag şäherinde bäşinji Wena baly geçirildi. Ilkinji gezek 2011-nji ýylda geçirilen Wena baly bu gün ilkinji gezek «akylly» şäherde geçirildi. Bu ýylky Wena baly Arkadag şäheriniň gözel künjekleriniň biri bolan «Arkadag binasynyň» töweregini gurşap oturan giň meýdançada türkmen-awstriýa jemgyýeti tarapyndan ýola goýuldy. Wena baly Awstriýanyň paýtagtynyň özboluşly nyşanydyr. Wena baly bilen bagly Türkmenistana gelen Awstriýanyň wekiliýet toparynyň hatarynda meşhur opera solistleri we tans duetleri bar. Bu ýylky Wena balynyň dabaraly çykyşlary Türkmenistanyň halk artistleri Atageldi Garýagdyýewiň hem Atajan Berdiýewiň, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Leýli Ökdirowanyň, aýdymçy Aýna Seýitgulyýewanyň, şeýle-de Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň Döwlet horunyň bilelikde ýerine ýetirmeklerinde «Arkadag şäheri–bagtyň şäheri» atly aýdym bilen açyldy. Wena balynyň dowamynda kompozitorlar Iogann Ştrausyň, Frans Legaryň, Federiko Romero Saraçaganyň, Lýudwig Minkusyň, Ýewgeniý Doganyň, Weli Muhadowyň, Daňatar Öwezowyň, Çary Nurymowyň, Jemal Reýimowanyň döreden sazlaryna ýaňlanan aýdymlar türkmen hem awstriýa tans toparlarynyň ussatlyk bilen ýerine ýetiren tanslaryna utgaşyp, agşama täsin gözellik çaýdy. Şeýle-de balda awstriýaly opera aýdymçylary Regina Hangler, Lewent Gunduz dagylar hem çykyş etdiler. Wena balynda Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Bergeriň sözlerine Rejep Rejebowyň sazyna döredilen «Dostluk aýdymy» atly ajaýyp eseriň ýerine ýetirilmegi iki dostlukly halkyň jebis gatnaşyklarynyň waspy bolup duýuldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir