11-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Hakan Fidany kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Döwlet Baştutany Türkiýäniň DIM-niň ýolbaşçysyny we doganlyk türk halkyny ýakynda belleniljek şanly sene—Türkiýe Respublikasynyň döredilmeginiň 100 ýyllygy bilen gutlady. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şunda Hökümet wekiliýetleriniň özara saparlary, şeýle hem iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geçirilýän yzygiderli geňeşmeler we duşuşyklar möhüm şert bolup çykyş edýär. Serdar Berdimuhamedow ýakynda Türkiýe Respublikasyna boljak resmi saparynyň türkmen-türk, dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmekde täze sahypany açjakdygyna ynam bildirdi. Köpugurly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda söwda-ykdysady ulgama aýratyn orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýändigi bellenildi. Biziň ýurtlarymyz ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda işjeň hyzmatdaşlyk edýärler diýip, döwlet Baştutany nygtady hem-de ýangyç-energetika toplumynda, ulag we aragatnaşyk ulgamynda netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir