«Xiaomi Group China» kompaniýasynyň prezidenti we «Redmi-niň» baş direktory Lu Weýbing «Weibo» sosial ulgamyndaky sahypasynda oktýabr aýynda kompaniýanyň flagmanlarynyň tanyşdyrylyş dabarasynyň boljakdygyna yşarat etdi. Bu barada MyDrivers portaly habar berýär. Weýbing: «Oktýabr örän gyzykly bolar» diýen ýazgyny paýlaşdy. Sosial ulgamy ulanyjylar we hytaý metbugaty bu ýazgyny «Xiaomi 14» nesline degişli flagman smartfonlarynyň ýakyn wagtda tanyşdyryljakdygy hakynda tizer diýip kabul etdiler. Maglumatlara görä, enjamlar täze «Snapdragon 8 Gen 3» çipi tanyşdyryljak «Qualcomm» maslahatyndan soň tiz wagtda hödürlenmeli. Bu çäre 24 – 26-njy oktýabr aralygynda geçiriler. «Xiaomi 14» we «14 Pro» «Qualcomm-yň» täze platformasynda döredilen ilkinji smartfon bolar diýlip çaklanylýar. Täze «Xiaomi» flagmanlarynyň iň inçe çarçuwaly ekrana eýe boljakdygy, onuň galyňlygynyň bary-ýogy 1 mm boljakdygy mälimdir. Şeýle hem smartfonlarda üç sany 50 megapikselli kamera ornaşdyrylar. «Pro» wersiýasyndaky datçikleriň biri «iPhone 15 Pro Max» ýaly 5 esse optiki zum mümkinçiligi bolan teleobýektiw bolar. Esasy model, 3,9 esse ýakynlaşdyrmak ukyby bolan teleobýektiw bilen üpjün ediler.