«FourFourTwo» britan žurnaly estetiki özüne çekijilik, tribunadaky atmosfera we taryh ýaly kriteriýalara esaslanyp, iň gow 32 stadionyň sanawyny düzdi. Sanawda «Real Madridiň» «Santýago Bernabeu» stadiony birinji orny eýeledi. Ikinji orna bolsa “Flamengo”, “Fluminense”, “Vasco da Gama” ýaly toparlara eýelik edýän meşhur «Marakana» stadiony laýyk görüldi. Ilkinji bäşlige, degişlilikde, «Signal Iduna Park» (Borussiýa Dortmund), «Bombonera» ýa-da «Estadio Alberto Hakinto Armando» (Boka Huniors); we «San Siro» (Milan, Inter) stadionlary girýär. Bu sanawda «Barselonanyň» «Kamp Nou» stadiony 6-njy orny eýeledi. «Tottenhem Hotspur Stedium» bolsa 9-njy orunda ýerleşdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir