2023-nji ýylyň awgust aýynyň jemi boýunça global awtoulag bazarynda soňky ýyl 76,7% ösüş görkezen (758 645 birlik) Tesla Model Y öňdebaryjy boldy. Ol birinji orundan 711 780 awtoulag (-3,4%) netijesi bolan Toyota Corolla-ny gysyp çykardy, Toyota Hilux bolsa ýylyň ilkinji sekiz aýynda iň ýaramaz netijäni berdi. focus2move neşiri ýerli häkimiýet edaralaryndan alnan hasaba alyş baradaky maglumatlaryň esasynda yzygiderli täzelenýän 162 ýurtdan maglumatlary birleşdirip, dünýäde iň köp satylýan awtomobilleriň reýtingini düzdi diýip, ixbt.com habar berýär. Ford F-Series 595 675 awtoulag we ýyllyk hasabynda 18,6% ösüş bilen üçünji orny eýeledi. Toyota RAV4 567 196 birlik satuw bilen iki orun aşak düşüp, dördünji boldy, onuň netijesi geçen ýylyň degişli döwründäki satuwdan 3,8% azdyr. Bäşinji orunda 434 792 awtoulag bilen (+5,7%) Honda CR-V ýerleşýär, onuň yzyndan 410 748 birlik satuw bilen (+13,4%) Hyundai Tucson we 407 796 awtoulag bilen (-6,2%) üç orun aşak düşen Toyota Camry gelýär. Chevrolet Silverado 402 486 ulag bilen (+3,7%) sekizinji orny eýeleýär, soňra 381 338 birlik bilen (-4,0%) Toyota Hilux we 364 195 täze hasaba alyş bilen (-2,8%) Tesla Model 3 gelýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir