UFC 294 ýaryşynyň esasy wakasynda braziliýaly Çarlz Oliweýranyň deregine russiýaly Islam Mahaçew bilen awstraliýaly Aleksandr Wolkanowski rewanş geçirer. Bu barada UFC-niň metbugat gullugyna salgylanyp, gazeta.ru habar berýär. Bellenilişi ýaly, Oliweýranyň ýüz öwürmegi sebäpli onuň ornuny çalyşmaly boldy. Ol şikes aldy. Ýaryş 21-nji oktýabrda Abu-Dabide geçiriler. Mahaçew braziliýaly bilen 2022-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda Abu-Dabide geçirilen UFC 280 ýaryşynda ýeňil agramdaky titul söweşinde duşuşdy. Russiýaly söweşiji ikinji raundda demikdiriji usul ulanyp ýeňiş gazandy we titula eýe boldy. 12-nji fewralda Islam Mahaçew Pert şäherinde geçirilen UFC 284 ýaryşynda Aleksandr Wolkanowskiden üstün çykdy. Russiýaly üçin bu ýeňiş professional karýerasynda 24-nji boldy. Oliweýra soňky söweşini şu ýylyň iýun aýynda Wengriýanyň wekili Beneil Dariuşa garşy geçirdi. Ol söweşde ýeňiş gazandy. Onuň hasabynda UFC-de 44 söweş bolup, olaryň 34-üsi ýeňiş bilen tamamlandy. Wolkanowski 9-njy iýulda meksikaly Ýair Rodrigesi ýeňip, ýarym ýeňil agramda UFC-niň çempiony titulyny gorady. Onuň hasabynda 28 söweşde 26 ýeňiş bar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir