«AnTuTu» bençmarkyny döredijiler arzan «Android» smartfonlarynyň sentýabr aýyndaky sanawyny çap etdiler. «Realme GT Neo5 SE» 1,14 million ball bilen birinji ýeri eýeledi. Enjamyň işleýşine «Snapdragon 7+ Gen 2» çipseti jogapkärdir. Şeýle çipli arzan «Redmi Note 12 Turbo» (1,14 million) ikinji ýerde ýerleşdi. Ilkinji üçlügi «MediaTek Dimensity 8200» çipi esasynda işleýän «iQOO Z8» (959 müň) tamamlaýar. 4 – 6-njy orunlarda «iQOO Neo7 SE» (949 müň), «Vivo S17 Pro» (940 müň) we «Oppo Reno 10 Pro 5G» (927 müň ball) eýeleýär, olaryň işleýşine hem «MediaTek Dimensity 8200» jogapkärdir. «Dimensity 8100-Max çipi bilen üpjün edilen «OnePlus Ace Racing Edition» 888 müň ball gazandy. Sekizinji, dokuzynjy we onunjy ýerler «Dimensity 8200-Ultra» çipset esasynda işleýän «Xiaomi Civi 3-iň» (884 müň), «Dimensity 8200» oturdylan «Redmi Note 12T Pro» (883 müň) bilen «Redmi K60E-niň» (885 müň) arasynda paýlandy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir