Ratgers uniwersitetinden amerikaly matematik Brýus Ratner Pifagoryň meşhur teoremanyň awtory däldigine ynanýar. Alymyň pikiriçe, Ýel uniwersitetinde b.e. öňki 1800-1600-nji ýyllara degişli palçykdan ýasalan tagtanyň ýüzüne ýazylan wawilon ýazgysy ýerleşýär. Onda Pifagoryň teoremasyny ulanmagyň mysaly mysaly şekillendirilipdir. Bu bolsa Pifagoryň ýaşan döwründen, ýagny 570-490-njy ýyllardan 1000 ýyldan hem has irdir. Taryhçylar Pifagoryň eserleriniň saklanyp galmandygyny bilýärler. Alym bolsa Pifagoryň teoremany oýlap tapyp bilmejekdigine ynanýar, onuň okuwçylary awtorlygy oňa degişli edipdirler. Muny onuň özüne degişli bolmadyk başga-da köp açyşlaryň Pifagoryň adyna degişli edilendigi bilen hem tassyklamak mümkin. «Pifagoryň teoremasynyň onuň dogulmagyndan 1000 ýyl öň wawilonly matematikler tarapyndan açylandygyny we subut edilendigini görkezýän anyk subutnamalar bar. Onuň bu teoremanyň meşhurlygyny artdyran bolmagy mümkin, emma bu onuň ylmyň öňünde bitiren hyzmatlaryny pese düşürmeýär» diýip, Ratner belleýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir