“Bir guşaklyk – bir ýol” üçünji halkara forumy 17 – 18-nji oktýabrda Pekinde geçiriler. Bu barada HHR-iň DIM-ine salgylanyp, TASS habar berýär. HHR-iň başlygy Si Szinpin forumyň açylyş dabarasyna gatnaşar diýlip, edaranyň saýtynda ýerleşdirilen habarda bellenilýär. Çäräniň dowamynda beýleki ýurtlaryň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçiriler. Öň Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin we Serbiýanyň prezidenti Aleksandr Wuçiç foruma gatnaşjakdyklaryny tassykladylar. “Bir guşaklyk – bir ýol” başlangyjy 2013-nji ýylda Si Szinpin tarapyndan teklip edilen konsepsiýadyr. Onuň maksady köp sanly ýurtlaryň gatnaşmagynda halkara söwda-maýa goýum taslamalaryny işjeňleşdirmek we gyzyklanýan döwletleriň kapitalyndan peýdalanmakdyr. Oňa eýýäm 150-den gowrak ýurt we halkara guramalar goşuldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir