Täze Zelandiýadaky Wellington uniwersitetiniň alymlary dünýäde global ýylama bilen baglanyşykly çykdajylaryň artmagy barada ilkinji gözlegi geçirdiler. Olaryň hasabyna görä, soňky 20 ýylda adatdan daşary howadan ýetýän zyýan sagatda 16 mln dollara barabar diýip, MIR 24 habar berýär. 2000-nji ýyldan 2019-njy ýyl aralygynda dünýä ýurtlary klimatyň üýtgemegi sebäpli ortaça 140 mlrd dollar ýitirdiler. Anyk mukdar ýyla baglylykda 60 – 230 mlrd dollar aralygynda üýtgeýär. Iň uly zyýan 2003-nji ýylda, Ýewropanyň adatdan daşary yssy howadan ejir çeken wagty, şeýle-de 2010-njy ýylda, Russiýa ýylylyk tolkunlaryny başdan geçiren wagty, Somalide bolsa güýçli gurakçylyk ýüze çykan wagty ýetdi. 2005-nji we 2017-nji ýyllarda ABŞ-daky tupanlar weýran edilen we zeper ýeten emläklerden uly ýitgilere getirdi. 2022-nji ýylda zyýanyň mukdary 280 mlrd dollar boldy. Çykdajylaryň üçden iki bölegi ýitirilen adam janlarynyň, galan bölegi zeper ýeten emläkleriň paýyna düşdi. Klimat çykdajylarynyň üçden iki bölegi tupanlar bilen baglanyşykly bolup, ýylylyk tolkunlary zyýanyň 16%-ine, suw joşgunlary we gurakçylyk bolsa 10%-ine jogapkärdir. Gözlegiň awtorlarynyň belleýşi ýaly, garyp ýurtlar barada maglumatlar ýeterlik bolmansoň, olaryň ýitgi baradaky hasaplary hakykatdan ep-esli pes bolup biler. Mundan başga-da, hasyllylygyň peselmegi we deňiz derejesiniň ýokarlanmagynyň netijeleri ýaly baglanyşykly ýitgiler hasaba alynmady diýip, “The Guardian” ýazýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir