Prezident Serdar Berdimuhamedow we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ispaniýa Patyşalygynyň Milli baýramy mynasybetli Ispaniýanyň Patyşasy Filipp VI-a we ýurduň ähli halkyna tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdiler. Gutlaglarda Patyşa Filipp VI-a tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Ispaniýanyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw edildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir