11-nji oktýabrda Aşggabatda “Gündogaryň meşhur akyldary we lukmany Abu Aly ibn Sinanyň umumadamzat ähmiýetli mirasy” atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim ministrlikleri hem-de Ylymlar akademiýasy tarapyndan bilelikde guralan forum Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlandy. Halkara ylmy gatnaşyklary pugtalandyrmaga, şeýle-de Abu Aly ibn Sinanyň köpugurly mirasyny wagyz etmäge gönükdirilen maslahat utgaşykly görnüşde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde geçirildi. Alym, akyldar, lukman, tebigaty öwreniji, saz nazaryýetçisi, matematik we psiholog, dermanlary öwreniji, astronom, şahyr Abu Aly Hüseýin ibn Abdulla ibn Aly ibn Hasan ibn Sina X-XI asyryň beýik şahsyýetleriniň biridir. Günbatar döwletlerinde ol Awisenna ady bilen giňden tanalýar. Haçan-da onuň ady tutulanda, bilimleriň baý dünýäsine eýe bolan we şolaryň ählisini 29 ylmy ugur boýunça 450 kitapda beýan eden meşhur ensiklopediýaçy alymyň keşbi göz öňüňde janlanýar. Abu Aly ibn Sinanyň ömri türkmen halkynyň taryhy bilen berk baglanyşyklydyr. Ömrüniň 12 ýylyny Gündogaryň ylym merkezleri hökmünde giňden tanalan Ürgenç, Merw, Bawert, Nusaý şäherlerinde geçiren alym özüniň ýiti zehini, paýhasy, tejribesi, binýat goýujy nazaryýetleri bilen ylmy açyşlary edip, gaýtalanmajak eserleri döredip geljek nesillere uly miras galdyrypdyr. Ibn Sinanyň öz döwrüniň ylym kerweniniň başyny çeken beýik şahsyýetler — taryhçy, astronom, geodezik Abu Reýhan Biruny, filosof, lukman we matematik Abul-Haýr Hammar, meşhur pir we şahyr Abusagyt Abylhaýyr — Mäne baba bilen halypa-şägirtlik we ussatlyk gatnaşyklary, bu akyldarlaryň ylmyň baýlaşmagyna goşan goşantlary halkymyz üçin aýratyn buýsançlydyr. Umumy mejlisde çykyş edenler Abu Aly ibn Sinanyň ylymda gazanan üstünliklerine, häzirki zaman lukmançylyk ylmyna goşandyna ünsi çekdiler, şeýle hem alymyň keselleriň öňüni almakda, bejermekde aýdan parasatly sözlerini beýan etdiler. Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow, Birleşen Arap Emirlikleriniň Al-Kasimiýýah uniwersitetiniň rektory Awad Al-Halaf, Russiýa Federasiýasyndan Astrahan döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň prorektory, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Larisa Udoçkina, Türkiýe Respublikasyndan Uludag uniwersitetiniň professory, ylymlaryň doktory Hidaýet Peker, Özbegistan Respublikasynyň Lukmançylyk işgärleriniň hünär kämilleşdiriş merkeziniň professory Urazmat Jumatow, Türkiýe Respublikasynyň Biruny uniwersitetiniň professory Nezih Hekim, Stambul uniwersitetinden, weterinariýa lukmançylygynyň doktory, professor Serkan Ikiz dagylar Gündogaryň meşhur akyldary we lukmany Abu Aly ibn Sinanyň gymmatly mirasy, lukmançylyk ylmynda gazanan üstünlikleri, häzirki zaman lukmançylyk biliminde Awisennanyň orny, beýik akyldaryň eserleriniň pelsepe aýratynlyklary ýaly köpugurly mowzuklar boýunça çykyş etdiler. Çykyşlarda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň, lukmançylyk ylmynyň kämilleşdirilişi, halkara derejede ykrar edilýän lukmançylyk diplomatiýasynyň üstünlikleri-de beýan edildi. Daşary ýurtly myhmanlar türkmen alymlary bilen dünýä lukmançylyk ylmynyň taryhynda öçmejek yz galdyran Abu Aly ibn Sinanyň şahsyýetini, ylmy-döredijilik, lukmançylyk mirasyny, beýik akyldaryň ýaşan zamanasynyň syýasy-jemgyýetçilik ýagdaýlaryny, onuň dünýä halklarynyň jemgyýetçilik durmuşynda tutýan ornuny, köpöwüşginli dünýewi häsiýetli ynsanperwer garaýyşlaryny, lukmançylyk ýörelgelerini öwrenmek boýunça pikir alyşdylar. Halkara ylmy maslahata ýurdumyzyň alymlary, professor-mugallymlary, ýaş alymlar, şeýle-de daşary ýurtlardan myhmanlar — Russiýadan, Germaniýadan, Azerbaýjandan, Türkiýeden, Özbegistandan, Belarusdan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Ermenistandan we beýleki döwletlerden alymlar sanly ulgam arkaly işjeň gatnaşdylar. Daşary ýurtly gatnaşyjylaryň çykyşlarynda ýokary hünär derejeli, ruhy-medeni gymmatlyklary doly ele alan, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen şahsyýeti kemala getirmegiň häzirki zaman lukmançylyk ylmynyň möhüm wezipeleriniň biridigi nygtaldy. Şeýle şahsyýetlere Awisenna hem gürrüňsiz degişlidir. Ol lukmanyň esasy häsiýetleriniň nähili bolmalydygy barada aýdyp geçipdir. Ylmy maslahat öz işini Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde we Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde geçirilen üç bölümde dowam etdi. “Alym Arkadagymyzyň lukmançylyk taglymaty we Abu Aly ibn Sinanyň ylmy mirasy” diýlip atlandyrylan birinji bölüm alymyň fiziki işjeňlikdäki ylmy mirasy: subutnamalara esaslanýan lukmançylygyň gazananlary we Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň teklipleri bilen meňzeşlikler, ýokanç kesellere garşy göreş, Türkmenistanyň dermanlyk florasynyň birnäçe möhüm wekillerini etnobotaniki ylmy jähetden öwrenmek ýaly beýleki ugurlary öz içine aldy. Halkara ylmy maslahata gatnaşyjylar forumyň netijeli işine gönükdirilen ähli zerur şertleriň döredilendigi hem-de hemmetaraplaýyn goldawy üçin çuňňur hoşallyk bildirip, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir