11-nji oktýabrda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi B.Durdyýew Seulda «Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» Hyzmatdaşlyk forumynyň Kätipliginiň Ýerine ýetiriji komitetiniň 14-nji mejlisine gatnaşdy. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär. Mejlisiň dowamynda şu ýylyň 1-nji noýabrynda Aşgabatda geçiriljek «Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» Hyzmatdaşlyk forumynyň 16-njy mejlisiniň hem-de onuň çäklerinde boljak çäreleriň guramaçylyk, şeýle hem Forumyň gün tertibinden gelip çykýan meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir