Türkmen wekiliýeti TÜRKSOÝ-yň Hemişelik geňeşiniň ýokary wezipeli wekilleriniň 2-nji duşuşygyna gatnaşdy Şu gün Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Hemişelik geňeşiniň ýokary wezipeli wekilleriniň 2-nji duşuşygy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň halkara gatnaşyklar bölüminiň başlygy Bilbil Babaýewa gatnaşdy. TÜRKSOÝ-yň baş sekretary Sultan Raýewiň ýolbaşçylygynda geçirilen duşuşyga Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň hem-de Türkiýäniň degişli ministrlikleriniň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda 13-14-nji oktýabrda Şuşa şäherinde geçiriljek Türki medeniýetiň halkara guramasy TÜRKSOÝ-yň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň 40-njy mejlisine taýýarlyk bilen bagly meseleler we wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ozal habar berşimiz ýaly, 13-14-nji oktýabrda Şuşada Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) ýurtlarynyň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň 40-njy mejlisi geçiriler. Oňa Türkmenistanyň medeniýet ministriniň hem gatnaşmagyna garaşylýar. Mejlisde kabul ediljek möhüm kararlaryň biri hem «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» adynyň Änew şäherine geçirilmegi bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir