Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň «Arkadag» medaly bilen sylaglanmagy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan gutlady. «Siz täze taryhy döwrümizde ynsanperwerligiň, sahawatlylygyň, kömege mätäje ýardam bermegiň, howandarlygyň belent nusgasyny görkezýärsiňiz. Türkiýede bolup geçen pajygaly ýertitremede ejir çeken çagalara, Ukrainanyň çagalaryna, doganlyk Owganystanyň halkyna, Russiýa Federasiýasynyň Primorskiý kraý sebitiniň çagalaryna derman we saglygy goraýyş maksatly serişdelerden, dokma önümlerinden, dürli azyk önümlerinden ybarat bolan ynsanperwerlik ýükleriniň iberilmegi hem munuň aýdyň güwäsidir. Bu haýyr-sahawat işleri türkmen halkynyň ynsanperwerlik ýörelgelerine we däp-dessurlaryna esaslanyp, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk gatnaşyklarynyň binýadyny has-da berkidýär» diýlip Gutlagda aýdylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir