«Coddy» programmirleme mekdebi ýaş türkmenistanlylary «Blender» programmasynyň kömegi bilen 3D modelleri döretmek» mowzugy boýunça Açyk gapylar gününe çagyrýar. «Blender» – bu ýönekeý kublardan we silindrlerden başlap, çylşyrymly personažlar hem-de obýektler, şol sanda animasiýalar we wizualizasiýalar ýaly dürli görnüşli 3D modelleri döretmek, şeýle hem beýleki meseleleri çözmek üçin ulanylýan mugt we açyk çeşme 3D redaktorydyr. Bu programma «Windows», «macOS» we «Linux» üçin elýeterlidir. Çagalara halaýan filmlerinde, oýunlarynda, multfilmlerinde ýörite programmalar we kompýuter grafikasy arkaly haýran galdyryjy derejede hakyka meňzeş bolan ýörite effektleriň nädip döredilýändigini öwrenmek gyzykly bolar. Açyk gapylar güni hem şeýle programmalaryň biri hakynda geçiriler. Çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylar «Blenderiň» nämedigini we onuň aýratynlyklaryny, bu programmada 3D modellerini nädip döretmelidigini, nirede ulanylýandygyny we geljekde kimler üçin peýdaly boljakdygyny öwrenerler. Açyk gapylar gününiň alypbaryjysy hökmünde «Coddy» çagalar we ýetginjekler üçin halkara programmirleme mekdebiniň mugallymy Fatima Hudiýewa çykyş eder. Fatima ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) grafika we UI/UX dizaýny boýunça kurslarynda ýörite bilim aldy we köpçülikleýin çäreleri geçirmekde iş tejribesine eýedir. Çagaňyz üçin 3D modelirleme ýoluny açmak, owadan we ajaýyp 3D modelleri döretmegi öwrenmek mümkinçiligini elden gidirmäň. Açyk gapylar güni 2023-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda geçiriler we sagat 18:30-da başlanar. Çärä gatnaşmak mugt. Geçirilýän ýeri: «Berkarar» işewürlik merkezi, 1-nji gat, ofis A7. Açyk gapylar gününe ýazylmak üçin şu salga ýüz tutup ýa-da telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz: (+993 63) 47 11 92, (+993 63) 42 67 51.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir