Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanda 2023-nji ýylyň 25 — 27-nji oktýabrynda geçiriljek XXVIII «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2023» halkara maslahaty we sergisi geçiriler. Öňki «Schlumberger» ady bilen tanalýan «SLB» kompaniýasy bu halkara maslahatyň hem-de serginiň bürünç hemaýatkäri boldy diýip, «nCa» internet portaly habar berýär. Bu çäre tejribe alyşmak, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we nebit-gaz pudagynda strategiýalary işläp düzmek üçin amatly meýdança öwrüler diýlip garaşylýar. Sebit we halkara derejede öňdebaryjy hasaplanýan bu iri çäre ýokary derejeli ýolbaşçylary bir ýere jemläp, onda nebit-gaz taslamalaryny durmuşa geçirmek we halkara hyzmatdaşlygy bilen baglanyşykly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Maslahata gatnaşyjylara Türkmenistanyň nebit-gaz pudagyna ileri tutulýan taslamalar we maýa goýum ugurlary barada iň täze maglumatlar elýeterli bolar. Häzirki wagtda «OGT-2023»-e gatnaşyjylaryň sanawyna «ADNOC», «BP», «CNPC», «Petronas», «Dragon Oil», «Sumitomo», «Shell», «Yug-Neftegaz», «Tatneft», «ENI», «Rönesans», «SLB» ýaly meşhur halkara kompaniýalaryň wekilleri girýär. Häzirki wagtda foruma gatnaşmak üçin 30 ýurtdan 400-den gowrak wekiliýet hasaba alyndy we onda 70-den gowrak halkara energetika kompaniýasy öz sergilerini hödürlär diýip, çeşme belleýär. Öň «Dragon Oil» kompaniýasynyň «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» (OGT-2023) atly halkara maslahatyň we serginiň göwher hemaýatkäri bolandygyny habar beripdik.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir