Türkiýe öz taryhynda ilkinji gezek futbol boýunça Ýewropa çempionatyny kabul eder. Has takygy, 2032-nji ýylda Ýewropa çempionaty Türkiýede we Italiýada geçiriler. UEFA-nyň bu baradaky degişli çözgüdi şu gün Şweýsariýanyň Nýon şäherinde geçirilen konferensiýadan soň mälim edildi. Şol bir wagtyň özünde UEFA 2028-nji ýylda geçiriljek yklym birinjiliginiň hem ýer eýelerini resmi ýagdaýda yglan etdi. Oňa laýyklykda, ÝEWRO — 2028 Beýik Britaniýanyň hem-de Irlandiýanyň ýaşyl meýdançalarynda geçiriler. Giňişleýin aýtsak, 2028-nji ýylda Ýewropa çempionatynyň oýunlary Belfast, Birmingem, Kardiff, Dublin, Glazgo, Liwerpul, London, Mançester we Nýukasl şäherlerinde bolup geçer. ÝEWRO — 2032 babatda bolsa heniz şähelreriň ady mälim edilmedi. Ýöne bir zat belli — yklym birinjiligini Türkiýäniň we Italiýanyň hersinden 5 şäher özünde kabul eder. Türkiýe we Italiýa Ýewropa çempionatyny geçirmek üçin 20 stadiony teklip etdi, 2026-njy ýylyň oktýabr aýynda şolaryň 10-sy UEFA tarapyndan saýlanylyp alnar. Ýeri gelende ýatlatsak, Ýewropanyň häzirki çempiony Italiýanyň milli ýygyndysy hasaplanýar. Italiýaly futbolçylar ÝEWRO — 2020-niň finalynda Angliýany ýeňlişe sezewar edipdiler. ÝEWRO — 2024 bolsa geljek ýyl Germaniýada geçiriler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir