Pakistanyň federal energetika, energiýa we nebit ministri Muhammad Ali oktýabr aýynda Türkmenistanda saparda bolar. Saparyň çäklerinde Muhammad Ali «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» (OGT-2023) halkara nebit-gaz forumyna gatnaşar we türkmen tarapynyň wekilleri bilen birnäçe ikitaraplaýyn gepleşikleri geçiriler. Bu barada «Associated Press of Pakistan» neşiri Pakistanyň Premýer-ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Anwar-ul-Hak Kakaryň ýurduň federal energetika, energiýa we nebit ministri Muhammad Ali bilen geçiren mejlisine salgylanyp, habar berýär. Mejlisiň dowamynda Pakistanyň Premýer-ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Anwar-ul-Hak Kakar energiýa ýetmezçiligini başdan geçirýän we onuň gymmat çeşmelerini ulanýan Pakistanyň Türkmenistan bilen tebigy gazy import etmek boýunça işjeň hyzmatdaşlyk etmäge aýratyn ähmiýet berýändigini belläp geçdi. Pakistanyň Premýer-ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Anwar-ul-Hak Kakaryň aýtmagyna görä, Türkmenistan ägirt uly tebigy gaz mümkinçiliklerine eýe bolup, wagtlaýyn Hökümetiň ygtyýarlygynyň tamamlanýan döwrüne çenli degişli ugurda netijeli işleriň durmuşa geçiriljekdigine umyt bildirilýär. Mundan ozal Pakistanyň energetika ministriniň taraplaryň arasyndaky degişli şertnamalara oktýabr aýynda resmi taýdan gol çekiljekdigini mälim edendigini habar beripdik. Ozal habar berşimiz ýaly, şu ýylyň iýun aýynda Türkmenistan we Pakistan TOPH gaz geçiriji taslamasynyň durmuşa geçirilişini çaltlaşdyrmak baradaky bilelikdäki Meýilnama gol çekişdi. Bu resminama TOPH gaz geçiriji taslamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin ýol kartasy bolup hyzmat edýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir