Özbegistan Russiýanyň «Gazprom» döwlet edarasy bilen tebigy gazy uzakmöhletleýin esasda satyn almak boýunça gepleşiklere başlady diýip, ýurduň energetika ministri Žurabek Mirzamahmudow beýanat berdi diýip, «Interfax.ru» ýazýar. Geçen şenbede Russiýanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň Prezidentleri Wladimir Putin, Kasym-Žomart Tokaýew we Şawkat Mirziýoýew rus gazynyň Özbegistana iberilmegine badalga berdiler. «Gazprom» rus gazynyň Gazagystanyň çägi bilen Özbegistana iberilip başlanmagynyň 2023-nji ýylyň dördünji çärýeginde meýilleşdirilýändigini habar berdi. Taraplaryň arasynda gazy satyn almak-satmak boýunça iki ýyllyk ylalaşyk baglaşyldy, geleşige Özbegistanyň energetika ministri Žurabek Mirzamahmudow we «Gazprom» edarasynyň başlygy Alekseý Miller gol çekdiler. Özbegistanyň Energetika ministrliginiň maglumatlaryna görä, Respublika gazy iki ýyllyk möhlet bilen satyn almaga ylalaşdy, Gazagystanyň üsti boýunça «Merkezi Aziýa-Merkez» gaz geçirijisi arkaly ýurt Russiýadan ýylda 2,8 milliard kub metr gaz satyn alar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir