Şu gün Özbegistanyň Samarkand şäherinde Halkara notarius hyzmatdaşlyk komissiýasynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady. Oňa türkmen wekiliýeti hem gatnaşýar. Bu barada Özbegistanyň Adalat ministrligi habar berýär. Halkara notarius hyzmatdaşlyk komissiýasynyň nobatdaky mejlisi «Notarius işinde jenaýatdan alnan girdejiniň kanunylaşdyrylmagyna garşy göreş» we «Notarius pudagyny sanlaşdyrmak» atly temalar boýunça geçirilip, onuň dowamynda notarius pudagynda geçirilen özgertmeleri seljermek, raýatlar we edara görnüşli taraplar tarapyndan ulanylýan notarius hyzmatlarynyň çalt amala aşyrylmagyny üpjün etmek, raýatlara dünýäniň islendik künjeginden notarius amallaryny ýerine ýetirmek üçin mümkinçilik döretmek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň dowamynda çykyş edenler notarius işinde jenaýatdan alnan girdejileriň kanunylaşdyrylmagyna garşy göreş meselesiniň möhüm ähmiýetine ünsi çekip, bu ugurdaky tagallalary birleşdirmegiň möhümdigini bellediler. Mejlise Türkmenistan bilen bir hatarda dünýäniň 33 döwletinden notarius edaralarynyň wekilleriniň 150-den gowragy, şol sanda Halkara notariuslar bileleşiginiň Halkara notarius hyzmatdaşlyk komissiýasynyň prezidenti Riçard Bok hem gatnaşdy. Ýeri gelende ýatlatsak, mundan ozal oktýabr aýynda Türkmenistanda ilkinji hususy notariuslaryň işläp başlandygyny habar beripdik.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir