Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky müşderiler üçin bir «Altyn asyr» bank kartyndan başga bir «Altyn asyr» bank kartyna pul geçirimlerini amala aşyrmak hyzmatynyň elýeterli bolandygyny habar berýär. Bu hyzmatdan peýdalanmak bilen, bankyň müşderileri bankomatlaryň, «Internet-bank» hem-de «Mobil-bank» hyzmatlarynyň üsti bilen birek-biregiň «Altyn asyr» bank kartyna bir aýyň dowamynda 1000 (bir müň) manatdan ýokary bolmadyk möçberde pul geçirip bilýärler. Kartdan karta pul geçirmek zerurlygy ýüze çykan ýagdaýynda degişli görnüşdäki bank kartlaryny ulanýan raýatlar mobil goşundydan peýdalanyp, smartfonlary arkaly islendik ýerde onlaýn görnüşde pul geçirimlerini ýerine ýetirip bilýärler. Hyzmatlar barada has giňişleýin maglumat almak üçin telefon belgileri: +99312 44 48 37; +99312 44 49 27.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir