Türkiýäniň daşary işler ministri Hakan Fidan daşary işler ministri Raşid Meredowyň çakylygy boýunça 10-11-nji oktýabrda Türkmenistana resmi sapada bolar. Bu barada Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň Metbugat gullugy habar berýär. «Saparyň dowamynda dostlukly we doganlyk Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklar, şeýle hem häzirki sebit we halkara wakalar ara alnyp maslahatlaşylar» diýlip, habarda bellenilýär. Munuň Hakan Fidanyň Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri hökmünde Türkmenistana ilkinji sapary boljakdygyny bellemelidiris.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir