Astana şäherinde Türkmenistanyň ilçisi Batyr Rejepow bilen Gazagystanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ýermuhambet Konuspaýewiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi. «Duşuşygyň netijesinde taraplar özara peýdaly ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary barada maglumat alyşmak üçin işjeň gatnaşyklary dowam etdirmek barada ylalaşdylar» diýlip, habarda bellenilýär. Mundan başga-da, duşuşygyň dowamynda dürli derejedäki wekiliýetleriň ýakyn wagtda boljak saparlaryna taýýarlyk bilen baglanyşykly birnäçe guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir