Şu gün — Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň «Arkadag» medalyna mynasyp bolanlara hünär baýramy mynasybetli Söwda-senagat edarasynyň binasynda guralan halkara forumyň çäklerinde ýurtda täze döredilen bu döwlet sylagynyň gowşurylyş dabarasy boldy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutanynyň gol çeken resminamasyna laýyklykda, degişli daşary ýurt raýatlaryna we Türkmenistanyň raýatlarynyň uly toparyna Türkmenistanyň «Arkadag» medaly we onuň şahadatnamasy, medalyň ýany bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň adyndan, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň nyşany ýerleşdirilen ýörite sowgat dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir