Dubaý (BAE) şäherinde okuw türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýän Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy ýerli «Dubai United» toparynyň garşysyna ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. «Dubai Sport Siti» stadionynda geçirilen duşuşyk 3:1 hasabynda türkmen ýygyndsyynyň peýdasyna tamamlandy. Milli ýygynda ýeňiş getiren toplary Ruslan Mingazow, Myrat Annaýew hem-de Elman Tagaýew öz atlaryna ýazdyrdylar. Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň öňüsyrasy BAE-niň Dubaý şäherinde halkara okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär. Okuw-türgenleşik ýygnanyşygy 18-nji oktýabra çenli dowam eder. Ýygyndy ikinji ýoldaşlyk duşuşygyny 15-nji oktýabrda BAE-niň futbol çempionatynyň geçen ýylky çempiony FC «Şabab Al-Ahli» toparynyň garşysyna geçirer. Dubaý şäheriniň «Raşid stadium» stadionynda geçiriljek bu duşuşyk Aşgabat wagty bilen 18:05-de başlanar. Ýeri gelende bellesek, geçirilen bije çekişligiň netijesinde Dünýä çempionaty – 2026-nyň saýlama tapgyrçasynda «E» toparça düşen Türkmenistanyň milli ýygyndysy Eýranyň hem-de Özbegistanyň ýygyndy toparlary bilen güýç synanyşar. Bu toparçanyň dördünji wekili birinji saýlama tapgyrynda güýç synanyşjak Gonkonk bilen Butanyň milli ýygyndylaryň arasyndaky ýeňiji bolar. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň dünýä çempionatynyň saýlama tapgyryndaky ilkinji duşuşygyny 16-njy noýabrda Özbegistanyň milli ýygyndysynyň garşysyna geçirer.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir