Lebap welaýatynyň Dänew we Saýat etraplarynda köpugurly etrap hassahanalarynyň durkuny täzelemek işleri tamamlandy. Üç gatly hassahanalaryň her biriniň binasy 150 adam üçin niýetlenendir we goşmaça hojalyk desgalary hem göz öňünde tutulandyr. Köpugurly hassahanalarda anyklaýyş we maslahat beriş, stomatologiýa, anesteziologiýa-reanimasiýa, umumy hirurgiýa, trawmatologiýa, bejeriş we beýleki bölümler hereket eder. Hassahanalaryň ikisi hem Germaniýadan, Niderlandlardan, Ýaponiýadan, Italiýadan, Hytaýdan we Türkiýeden öňdebaryjy öndürijileriň iň döwrebap anyklaýyş we bejeriş enjamlary bilen üpjün edildi. Doly barlagdan geçmek üçin «Canon Medical Systems Aquilion Start CT» ýapon öndürijisiniň kompýuter tomografiýasy, «Philips Medical Systems» kompaniýasynyň (Niderlandlar) «FlexiDiagnost» rentgen enjamy, Italiýanyň «Villa Sistemi Medicali» firmasynyň «Column iC» floroskop enjamy we «Melody III DR» mamografy oturdyldy. Köpugurly hassahanalaryň ambulatoriýa we anyklaýyş bölümlerinde «Canon Medical Systems» we «Mindray» kompaniýalarynyň dört sany ultrases enjamy, «TAKAGI» kompaniýasynyň oftalmologiýa gurluşy, «Chirana» kompaniýasynyň stomatologiýa enjamy, şeýle hem Germaniýanyň «Medical Econet» kompaniýasynyň «CARDIO M PRO» EKG gözegçilik ulgamy ornaşdyryldy. Hassahanalaryň operasiýa we reanimasiýa bölümleri «Famed» (Polşa) operasiýa stollary, «KLS Martin» (Germaniýa) operasiýa çyralary, Şwesiýanyň «Getinge Group» kompaniýasynyň «FLOW C» we «Servo Air» görnüşli narkoz hem-de öýkenlere emeli dem bermek üçin niýetlenen enjamlary, şeýle hem «PROview 12» kardiomonitorlary bilen enjamlaşdyryldy. Hassahanalaryň barlaghanalarynda «HUMAN» kompaniýasynyň (Germaniýa) häzirki zaman enjamlary ornaşdyryldy: «Humastar 200» biohimiýa analizatory, ganyň immunoferment analizi üçin niýetlenen «Humareader+Combiwash» enjamy, «Combilyzer», «HUMASRate 24» koagulometr, «Humaroll». Köpugurly hassahanalarda hassalaryň rahat bejergi almaklary, öz wagtynda lukmançylyk kömeginiň berilmegi we lukmanlaryň netijeli işlemekleri üçin ähli şertler döredildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli iki hassahana hem «tiz kömek» awtoulagyny sowgat berdi. Dänew we Saýat etraplarynda ýerleşýän köpugurly hassahanalar Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Bäş Ýol» hojalyk jemgyýeti tarapyndan durky täzelendi we enjamlaşdyryldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir