Howa menzillerinde paçsyz söwdany döredijileriň biri bolan amerikaly işewür Çarlz Fini 92 ýaşyndan aradan çykdy diýip, onuň haýyr-sahawat gaznasynyň metbugat gullugy habar berdi diýip, «MIR 24» ýazýar. 1960-njy ýylda telekeçi howa menzillerinde gümrük salgytsyz dükanlar zynjyryny açdy, 1988-nji ýylda ol «Forbes» neşiriniň wersiýasy boýunça ABŞ-nyň iň baý 400 adamynyň biri boldy. Şol wagt onuň 1,3 milliard dollar emlägi bardy, soňrak onuň maliýesiniň has köpdügi belli boldy. Görlüp oturylsa, telekeçi öz girdejileriniň uly bölegini haýyr-sahawat gaznalaryna geçirýän ekeni. Fini dükanlarynyň hasabyna 7,5 milliard dollar gazandy, ol «Dirikäň bagyş etmeli» diýen hereketi döretdi, hereket baý adamlara emlägi aradan çykandan soň däl-de, dirikäň haýyr-sahawata bagyşlamagy ündeýärdi. 2012-nji ýylda Fini girdejileriniň esasy böleginden ýüz öwrüp, özi we aýaly üçin iki million dollar alyp galdy. Galan emlägini haýyr-sahawata bagyş etdi. Ömrüniň ahyrky ýyllarynda onuň hususy öýi we ulagy hem ýokdy, jemgyýetçilik ulagynda gezerdi hem-de üç otagly öýi kärendesine alypdy. Ýöne onuň öňki aýalydyr çagalary ýedi sany öýi miras aldylar.