Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Demirbetonkonstruksiýa» kärhanasy ýurtda giňden isleg bildirilýän demirbeton konstruksiýalarylarynyň, panel materiallarynyň, keramiki kerpiçleriň we keramzidiň önümçiligine ýöriteleşendir. Türkmenabat şäherinde ýerleşýän «Demirbetonkonstruksiýa» döwlet kärhanasy 1957-nji ýylda işe girizilip, ýurtda iň köne önümçilik desgalarynyň biridir. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2014-nji ýylyň 9-njy ýanwaryndaky kararyna laýyklykda zawod täzeden guruldy we täze şertler kärhananyň ýyllyk taslama kuwwatyny 50 müň m³ çenli ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi. Häzirki wagtda kärhanada gurluşyk materiallarynyň önümçilik işini döwrebaplaşdyrmak, importyň ornuny tutýan önümleriň önümçiliginiň mukdaryny artdyrmak hem-de innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak meseleleri üstünlikli çözülýär. Kärhananyň salgysy: Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheri. Telefon belgileri: (+993 422) 7 21 20; (+993 422) 7 21 03. Faks: (+993 422) 7 21 28.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir