Sports.ru-nyň habar bermegine görä, awstraliýaly Aleksandr Wolkanowskiý UFC 294-de Islam Mahaçýewiň garşydaşy bolar. Ozal Mahaçýewiň garşydaşy Çarles Oliweýrady. Munuň sebäbi Oliweýranyň şikes sebäpli ýaryşdan çekilmegidir. Onuň gaşynyň üstünde kesik emele geldi. Bu üýtgeşme ESPN tarapyndan hem makullandy. Ýakynda bolsa resmi ýagdaýda yglan ediler. Wolkanowskiý ― Mahaçýew tutluşygy 21-nji oktýabrda geçiriler. Iki pälwan mundan ozal UFC 284-de tutluşypdylar. Şonda eminleriň gelen karary bilen Mahaçýew ýeňiş gazandy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir