Amerikanyň Minnesota ştatyndan bolan bagçylyk mugallymy her ýyl geçirilýän kädi ösdürip ýetişdirmek boýunça ýaryşda ýeňiş gazandy diýip, «Habar 24» ýazýar. Ýaryş Kaliforniýada bu ýyl 50-nji gezek geçirildi. Ýörite ýük göterijileri ulanyp, agyr kädini sanly terezä goýdular. Onuň agramy 1300 kilograma golaý boldy. Netijede, mugallym Trewis Jinjer iň agyr kädi ugry boýunça dünýä rekordyny goýdy. Oňa 30 müň dollar pul sylagy berildi. Iň agyr kädini beýleki dört sany äpet kädi bilen bilelikde, 14-nji oktýabrda geçjek kädi festiwalynda görkezmekçi bolýarlar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir