«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň geljekki meýilnamalarynda «Çapar» köpugurly ykjam programmasyny ulanyjylara ýurduň medeni durmuşynda bolup geçýän wakalar bilen tanyşmaga we öýden çykmazdan, islendik döredijilik çäresine – konsertlere, film görkezilişlerine, spektakllara, sergilere we beýlekilere petek satyn almaga mümkinçilik berýän täze hyzmaty ýola goýmak göz öňünde tutulýar. «Çapar» ykjam programmasynyň «Bildirişler» bölüminde özüňizi gyzyklandyrýan wakalary saýlamak mümkindir, bu ýerde dürli meýdançalarda, şol sanda stadionlarda we konsert zallarynda geçiriljek çäreleriň senesini we wagtyny görkezýän hem-de petekleriň elýeterliligi barada maglumatlary ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar. Täze hyzmat häzirki wagtda synagdan geçirilýär. Ulanyjylara amatlylyk üçin petekleriň tölegi «Altyn Asyr» bank kartlary arkaly amala aşyrylar, bu bolsa töleg amallarynyň howpsuzlygyny we ýeňilligini üpjün eder. Täze hyzmat we ony ulanmagyň şertleri barada has anyk maglumatlary 075 belgä jaň edip alyp bilersiňiz. Ýeri gelende bellesek, «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň «Çapar» ykjam programmasynyň köp sanly hyzmatlarynyň hatarynda «Aydym.com» aýdym-saz portalyna ýazylmak, «Älem TV-niň» hem-de «Belet Film» onlaýn kinoteatrynyň kartynyň hasabyny doldurmak mümkinçilikleri göz öňünde tutulandyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir