«Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy G.Agajanowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Buharest şäherinde Rumyniýanyň energetika ministrliginiň binasynda geçirilen Energetika babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň nobatdaky duşuşygyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi. Mejlisiň dowamynda birek-birege ynanyşmak we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanan döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesi tassyklanyldy. Türkmen tarapy Türkmenistanyň energetika strategiýasynyň esasy ugurlarynyň nebit-gaz önümçiliginde we nebithimiýa pudagynda kärhanalary mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmakdan we tehniki taýdan enjamlaşdyrmakdan, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän gazy gaýtadan işleýän toplumlary gurmak üçin taslamalary durmuşa geçirmekden, şol sanda, benzin, dizel ýangyjy, awiasiýa kerosinini, polietilen, polipropilen we beýleki gaz-himiýa senagatynyň önümlerini öndürmekden ybarat bolup durýandygyny belledi. Şu nukdaýnazardan, serişdeleri tygşytlaýan öňdebaryjy tehnologiýalaryň we täzeçil ylmy-tehniki işläp taýýarlamalaryň tejribesiniň giňden ornaşdyrylandygy nygtalyp geçildi. Duşuşygyň ahyrynda degişli teswirnama gol çekildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir