Russiýanyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň biri bolan W.N.Tatişýew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetiniň (ADU) wekiliýeti Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp geçirilýän «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we onuň çäklerindäki ylmy maslahatyň dabaraly açylyşyna gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine geldi. Uniwersitetiň metbugat gullugynyň habaryna görä, sapar wagtynda ADU Türkmenistanyň ýokary we orta okuw mekdepleriniň 4-si bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin şertnamalara gol çekmegi meýilleşdirýär: Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty; Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti; S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti; A.S.Puşkin adyndaky türkmen-rus umumybilim berýän orta mekdebi. Şeýle hem, ADU-nyň wekiliýeti ady agzalan Türkmenistanyň ýokary we orta okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary bilen bilelikdäki hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşykda taraplar ÝUNESKO-nyň işi, seminarlar, umumy we amaly sapaklary geçirmek üçin mugallymlar toparynyň akademiki alyş-çalyşlaryny guramak; hyzmatdaşlyk saklaýan uniwersitetlerde okamak, şeýle hem tejribe geçmek üçin talyplaryň akademiki alyş-çalyşlaryny guramak; mugallymlaryň hünär kämilligini artdyrmak; bilelikde ylmy ekspedisiýalary guramak; bilelikdäki çärelere, ylmy maslahatlara, simpoziumlara we seminarlara, ýaryşlara gatnaşmak; ylmy görkezmeleri, maslahat berişleri we synaglary guramak ýaly ugurlary ara alyp maslahatlaşdylar.