2023-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda «Türkmendeňizderýaýollary» Agentligi tarapyndan daşalýan ýükleriň umumy mukdary 2 287,7 million tonna barabar boldy. Munuň özi, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 119,9 göterim köpdür diýlip, Agentligiň resmi web sahypasynda habar berilýär. Umuman alanyňda, edaranyň 2023-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýük daşamak boýunça meýilnamasy 122,3 göterim ýerine ýetirildi. 2023-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlaryndaky ýük dolanyşygy 709,741 million tonna barabar boldy, bu bolsa 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 121,8 göterim ýokary bolup, hasabat döwründäki ýük dolanyşygy boýunça meýilnama 228,0 göterim ýerine ýetirildi. 2023-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlaryndaky ýolagçy dolanyşygy 128,200 million ýolagçy km bolup, bu hem geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 106,9 göterim artdy we degişli meýilnama 128,1 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe Ro-Pax awtoulag ýolagçy paromlary 19 028,0 birlik ulag daşady, bu hem 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 127,4 göterim ýerine ýetirildi.