12-nji oktýabrda Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde altynjy Merkezi Aziýa bilermenler maslahaty geçiriler. Oňa türkmen wekiliýeti hem gatnaşar. Bu barada gyrgyz metbugatynda habar berildi. Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli strategiki barlarlar instituty hem-de BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi tarapyndan guraljak foruma türkmen wekiliýeti bilen bir hatarda Merkezi Aziýa döwletleriniň strategiki gözleg institutlarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, halkara guramalaryň wekilleri we garaşsyz bilermenler gatnaşarlar. Forumda Merkezi Aziýa döwletleriniň strategiki barlaglar boýunça bilermenleri sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň aýratynlyklaryny, ileri tutulýan ugurlarda tagallalary birleşdirmek bilen bagly öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşarlar. Merkezi Aziýa bilermenler maslahaty sebit derejesindäki taslamalaryň döremegine goşant goşýan gurallaryň biridir. Şeýle forumlaryň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň öňdebaryjy bilermenleri sebit hyzmatdaşlygynyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşýarlar, şeýle hem sebitiň Hökümetleri üçin ylalaşylan ugurlarda umumy strategiki çemeleşmeleri, amaly çözgütleri we teklipleri öňe sürýärler. Ýeri gelende ýatlatsak, bäşinji Merkezi Aziýa bilermenler maslahaty 2022-nji ýylyň dekabr aýynda Aşgabatda geçirilipdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir