Täze Zelandiýanyň Wellington uniwersitetiniň alymlary ählumumy maýlama sebäpli dünýäde sarp edilen çykdajylary hasapladylar. Olaryň hasaplamalaryna görä, soňky 20 ýylda adatdan daşary ýagdaýdan çekilen zyýan sagatda 16 million dollara deň bolupdyr. Netijede, 2000-2019-njy ýyllar aralygynda howanyň üýtgemegi bilen baglylykda, dünýä ýurtlary 140 milliard dollar ýitiripdirler. Iň köp ýitgi 2003-nji ýyla degişlidir, şol ýyl Ýewropada güýçli yssy, şeýle-de 2010-njy ýylda Russiýada iň maýyl howa, Somalide güýçli guraklyk hasaba alnypdyr. ABŞ-daky 2005 we 2017-nji ýyllardaky deňiz harasatlarynda ýykylan we zeper ýeten gozganmaýan emläkler sebäpli has köp ýitgi çekilipdir. 2022-nji ýylda ýitginiň umumy möçberi 280 milliard dollara deň bolupdyr. Çykdajylaryň üçden iki bölegi adam pidalaryna, galan bölegi zeper ýeten emläklere sarp edilipdir. Howanyň howply ýagdaýlary döreden görnüşlerinde üçden iki bölegi harasatlara, ýyly howa akymlaryna 16 göterim ýitgi, sil joşmalaryna hem-de guraklyga 10 göterim degişlidir. Barlagyň awtorlary çekilen zyýanyň has köp bolmagynyň mümkindigini belleýärler, sebäbi garyp ýurtlara degişli maglumatlar elýeterli däldir. Mundan başga-da, deňziň derejesiniň ýokarlanmagy bilen utgaşyklylykda hasyllylygyň peselmegi ýaly ýagdaýlar hasaba alynmandyr diýip, «The Guardian» neşiri ýazýar.