Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň halkara gatnaşyklar bölüminiň başlygy Bilbil Babaýewa 11-nji oktýabrda Baku şäherinde geçirilen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Hemişelik geňeşiniň ýokary wezipeli wekilleriniň 2-nji duşuşygyna gatnaşdy. Bu barada TÜRKSOÝ-yň resmi saýtynda habar berildi. TÜRKSOÝ-yň baş sekretary Sultan Raýewiň ýolbaşçylygynda geçirilen duşuşyga Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň hem-de Türkiýäniň degişli ministrlikleriniň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda 13-14-nji oktýabrda Şuşa şäherinde geçiriljek Türki medeniýetiň halkara guramasy TÜRKSOÝ-yň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň 40-njy mejlisine taýýarlyk bilen bagly meseleler we wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ozal habar berşimiz ýaly, 13-14-nji oktýabrda Şuşada Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) ýurtlarynyň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň 40-njy mejlisi geçiriler. Oňa Türkmenistanyň medeniýet ministriniň hem gatnaşmagyna garaşylýar. Mejlisde kabul ediljek möhüm kararlaryň biri hem «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» adynyň Änew şäherine geçirilmegi bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir