Türkiýäniň Ýewropanyň futbol çempionatyny geçirmek islegi hakykata öwrülip biler diýip, Trend ýazýar. UEFA öz gelen kararyny şu gün Şweýsariýanyň Nyon şäherinde geçiriljek mejlisde resmi taýdan yglan eder. Ondan öň Türkiýe Ýewropa çempionatyny geçirmek üçin eýýäm ýedi gezek ýüz tutupdy, ýöne bu möhüm futbol çäresiniň eýesi bolmak hukugyny alyp bilmändi. Italiýanyň Futbol Federasiýasy (FIGC) we Türk Futbol Federasiýasy (TFF) UEFA-dan 2032-nji ýyldaky Ýewropa çempionaty üçin beren tekliplerini birikdirmegi haýyş etdiler. Häzirki wagta çenli diňe Italiýa we Türkiýe teklip tabşyrdy hem-de UEFA-nyň ýerine ýetiriji komitetiniň agzasy Serwet Ýardymjynyň sözlerine görä, teklip bermegiň möhleti geçen ýylyň ahyrynda gutardy, munuň özi Türkiýe bilen Italiýanyň bilelikdäki teklibinden başga Ýewro-2032-ni kabul etjek dalaşgäriň ýokdugyny aňladýar. Türkiýäniň 2028-nji ýyldaky Ýewropa çempionatyna ýer eýeçiligini etmek baradaky teklibini ozal yzyna alandygyny we 2028-nji ýylda Beýik Britaniýa-Irlandiýa tandemini bäsdeşsiz galdyryp, Ýewro-2032-ni kabul etmek üçin Italiýa bilen birleşmek kararyna gelendigini bellemelidiris.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir