Türkmenistanly türgenler Özbegistanyň paýtagty Daşkentde geçirilen adaty karate boýunça Dünýä kubogynda dört medal – iki altyn we iki kümüş medal gazandylar. Bu barada ORIENT ýurduň Fiziki medeniýet we sport boýunça döwlet komitetine salgylanyp habar berýär. Altyn medala kumite dissiplinasynda (söweşler) Selim Myratdurdyýew we kadetleriň arasynda indiwidual katada (resmi maşklaryň görkezilmegi) Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň birinji ýyl talyby Nurgeldi Annagurbanow mynasyp boldy. Selim Myratdurdyýew kata dissiplinasynda kümüş medala-da eýe boldy. Ýene bir kümüş medaly Eziz Zekirýaýew gazandy. Belläp geçsek, halkara ýaryşda türkmen wekiliýeti hökmünde 14 adam, şol sanda 8 türgen çykyş etdi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir