Madridiň “Realynyň” öňki futbolçysy Eden Azar professional karýerasyny tamamlady. Bu barada championat.com habar berýär. “Gerek wagty diňlemegi we “dur” diýmegi başarmaly. 16 ýyldan we 700-den gowrak oýundan soň men professional futbol karýeramy tamamlamak kararyna geldim. Men tutuş Ýewropa we dünýä boýunça oýnamak arzuwymy hasyl etdim. Karýeramyň dowamynda ajaýyp adamlar, menejerler, tälimçiler, topardaşlar bilen tanyşdym. Men, aýratynam, oýnan klublaryma minnetdarlyk bildiresim gelýär: “Lill”, “Çelsi” we Madridiň “Realy”. Elbetde, Belgiýanyň milli ýygyndysyna-da minnetdarlyk bildirýärin. Durmuşymyň gowy we kyn döwürleri ýanymda bolan ýakynlaryma, dostlaryma, maslahatçylara we adamlara aýratyn sagbolsun aýdýaryn. Häzire çenli meniň bilen bolan muşdaklarym, siziň meniň oýnan her bir ýurdumdaky goldawyňyz üçin köp sagboluň. Ýakyn adamlarymdan lezzet almagyň we täze täsirleri gazanmagyň wagty geldi. Tiz wagtdan meýdançadan daşary görüşeris” – diýip, Azar sosial ulgamynda ýazdy.