10-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Oguz han» köşkler toplumynda Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy «Arkadag» medaly bilen sylaglamak dabarasy boldy. Ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň uly dabaralar bilen bellenilýän gününde geçirilen dabara ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Öň habar berşimiz ýaly, «Arkadag» medaly Türkmenistanyň döwlet sylagy bolmak bilen, adam bähbitlerini ileri tutmak, olaryň mertebesini belende götermek bilen, adalatlylyk, adamkärçilik, ynsanperwerlik, ýokary ahlaklylyk, haýyr-sahawatlylyk, hemaýata mätäçlere kömek bermek ýaly türkmeniň ata-baba ýol-ýörelgelerine, milli däplerine laýyklykda we meýletinlik esasda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ynsanperwer başlangyçlaryny, bitiren hyzmatlaryny hormatlamak, toplan tejribesini, ösýän halkara abraýyny giňden goldamak, bu ugurda görnükli işleri bitiren ýurdumyzyň raýatlaryny sylaglamak maksady bilen döredildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Prezident Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň “Arkadag” medaly bilen sylaglamak hakynda Mejlisiň Kararyny okady. Prezident Serdar Berdimuhamedow bu ýokary sylaga ýurdumyzda adamyň kanuny bähbitlerini goramak we üpjün etmek boýunça hukuk kepilliklerini döretmekde, aýratyn hemaýata we goldawa mätäç çagalary durmuşa uýgunlaşdyrmaga hem-de taýýarlamaga gönükdirilen guramaçylyk, kanunçylyk-hukuk, ykdysady çäreleriň toplumyny durmuşa geçirmekde, ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerini özünde jemleýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işine yzygiderli goldaw bermekde, ýurdumyzda ynsanperwerlik, adalatlylyk, sahawatlylyk ýörelgelerini durmuşa geçirmek bilen, haýyr-sahawat işini ösdürmekde bitiren aýratyn görnükli hyzmatlary üçin mynasyp boldy. Soňra Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň «Arkadag» medalyny dabaraly ýagdaýda gowşurdy. Döwlet Baştutany özüne Türkmenistanyň döwlet sylagy bolan «Arkadag» medalynyň gowşurylandygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. «Men bu sylagy milli däplerimiz esasynda alyp barýan sahawatly işlerimize berlen baha hasap edýärin. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ynsanperwer işleri alyp barýar. Ýurdumyzda hemaýata mätäçler üçin ýaşaýyş jaýlar gurulýar. Döwletimiz we Hökümetimiz Haýyr-sahawat gaznasy bilen bu asylly işleri geljekde hem dowam eder» diýip, döwlet Baştutany aýtdy.