Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri, harytlary hem-de azyk önümlerini ynsanperwer kömegi hökmünde Owganystana ibermek hakynda karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Oba hojalyk ministrligi, Dokma senagaty ministrligi hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bu harytlary üpjün eder. Daşary işler ministrligine 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda Owganystana ynsanperwer kömeginiň iberilmegini we gowşurylmagyny guramaçylykly we ýokary derejede geçirmek tabşyryldy. «Watan» habarlar gepleşiginde bellenilişi ýaly, bu ynsanperwerlik kömegi Owganystanda bolup geçen güýçli ýertitremesi zerarly ejir çeken dostlukly döwletiň doganlyk halkyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde we guramagynda amala aşyrylýar. Öň habar berşimiz ýaly, 7-nji oktýabrda, şenbe güni Hyrat şäherinden takmynan 40 km demirgazyk-günbatarda 6,3 ball magnitudaly güýçli ýertitremesi bolup geçdi, soňra ýene gaýtalanýan sarsgynlar boldy. Associated Press habarlar gullugynyň habar bermegine görä, ýertitremesinde heläk bolanlaryň sany 2000-den geçdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir