10-njy oktýabrda Dubaý (BAE) şäherinde okuw türgenleşik ýygnanyşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy ýerli «Dubai United» toparynyň garşysyna ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. «Dubai Sport Siti» stadionynda geçirilen duşuşyk 3:1 hasabynda türkmen futbolçylarynyň peýdasyna tamamlandy. Duşuşykda ýeňiş gollaryny Ruslan Mingazow, Myrat Annaýew hem-de Elman Tagaýew geçirdi. Ýygyndy toparymyz ikinji ýoldaşlyk duşuşygyny 15-nji oktýabrda BAE-niň futbol çempionatynyň geçen ýylky çempiony FC “Şabab Al-Ahli” toparynyň garşysyna geçirer. Dubaý şäheriniň “Raşid stadium” stadionynda geçiriljek bu duşuşyk Aşgabat wagty bilen 18:05-de başlanar. Belläp geçsek, Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň öňüsyrasy BAE-niň Dubaý şäherinde halkara okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär. Okuw-türgenleşik ýygnanyşygy 18-nji oktýabra çenli dowam eder. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň dünýä çempionatynyň saýlama tapgyryndaky ilkinji duşuşygyny 16-njy noýabrda Özbegistanyň milli ýygyndysynyň garşysyna geçirer.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir