Saud Arabystanynyň Futbol Federasiýasy Halkara Futbol Federasiýasyna (FIFA) 2034-nji ýyldaky dünýä çempionatyny geçirmek üçin arza berdi. Bu barada federasiýanyň metbugat gullugy habar berdi. Metbugat gullugynyň beýannamasynda: "Bu resmi arza! Biz FIFA-a 2034-nji ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatyny geçirmek üçin arza iberdik. Bu FFA-nyň 70-den gowrak agza-birleşikleriniň goldawyny alanymyzdan soň äden ilkinji ädimimizdir" -diýilýär. FIFA 4-nji oktýabrda diňe Aziýa we Okeaniýa ýurtlarynyň 2034-nji ýyldaky dünýä çempionatyna ýer eýeçiligini edip biljekdigini habar berdi. 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriler. 2030-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň esasy ýer eýeleri Ispaniýa, Portugaliýa we Marokko bolar, ýaryşyň açylyş oýny Urugwaýda, ondan soňky iki oýun Argentinada we Paragwaýda bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir