Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow daşary ýurt raýatlaryny Türkmenistanyň «Arkadag» medaly bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Mýunhen şäheriniň Dritter Orden hassahanasynyň çaga we neýroortopediýa bölüminiň müdiri doktor Frimberger Winsent we «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk Türkmenistanyň «Arkadag» medaly bilen sylaglanyldy. Bellenilişi ýaly, bu sylag Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň amala aşyrýan halkara gatnaşyklaryny berkitmekde, ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda, ynsanperwerlik, haýyr-sahawat, meýletinçilik hereketini, halkyň saglygyny goraýyş işini ösdürmekde, howandarlyga mätäç çagalara saglygy goraýyş kömegini bermekde bitiren hyzmatlaryny, keselleriň öňüni alyş we sagaldyş-dikeldiş işiniň oňyn tejribelerini ornaşdyrmaga goşan uly şahsy goşandyny nazara alyp, şeýle hem Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli gowşuryldy.