10-njy oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Bangladeş Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Amanul Hakdan ynanç hatyny kabul etdi. Söhbetdeşligiň barşynda ilçi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary, dünýäniň ähli döwletleri, şol sanda Aziýa sebitiniň ýurtlary bilen giň özara bähbitli hyzmatdaşlyga gönükdirilen daşary syýasy ugry bilen tanyşdyryldy. Türkmenistanda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeler, döwletiň hem-de jemgyýetiň dowamly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen toplumlaýyn maksatnamalar hakynda aýratyn durlup geçildi. Şeýle-de diplomat Mejlisiň düzümi we onuň alyp barýan işleri, şol sanda parlamentara gatnaşyklary ýola goýmak boýunça gazanan tejribesi bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň hem kanun çykaryjy edaralarynyň arasynda özara hyzmatdaşlygy höweslendirmäge gyzyklanma bildirýändikleri tassyklanyldy.