10-njy oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Kanadanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Alan Hemsondan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak işinde üstünlikleri arzuw etdi. Duşuşygyň barşynda Alan Hemson Serdar Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän, parahatçylyk söýüjilik, goňşuçylyk we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Diplomata milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösmegine, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna gönükdirilen giň gerimli maksatnamalardyr taslamalar barada gürrüň berildi. Mejlisiň işi we onuň döwlet, jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryny öz içine alýan özgertmeleriň kanunçylyk-hukuk esaslaryny üpjün etmekde eýeleýän orny söhbetdeşligiň aýratyn mazmunyny düzdi. Şunda parlamentara hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň türkmen-kanada gatnaşyklarynyň mazmunyny baýlaşdyrmaga ýardam etjekdigi bellenildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir