Şu gün Aşgabatda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi öz işine başlady. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda guralan sergi üç günläp dowam eder. Onda ýurduň saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynda Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen sepgitler, bu ugurlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylan üstünlikler görkezilýär. Her ýylyň 10-njy oktýabrynda ýurtda giňden bellenilýän Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň baýramyna bagyşlanan bu halkara sergi Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim ministrlikleriniň hem-de Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde guramagynda geçirilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir