2024-nji ýylda Türkmenistanda raýatsyzlygy ýok etmek boýunça sebitleýin maslahat geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagynda geçirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň Ýerine ýetiriji komitetiniň 74-nji mejlisiniň dowamynda mälim edildi. 9-njy oktýabrda başlanan mejlis 13-nji oktýabra çenli dowam eder. Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berilmegine görä, mejlisiň dowamynda Ýokary Komissaryň bosgunlar bilen bagly dünýädäki häzirki ýagdaý baradaky hasabaty, Hemişelik komitetiniň bu babatdaky halkara goldawy we degişli maksatnamalary baradaky hasabatlary, şeýle hem mejlise gatnaşýan wekiliýetleriň hasabatlary diňlenilýär. Bellenilişi ýaly, türkmen tarapynyň çykyşynda bosgunlar, şol sanda, olary goramak we olara zerur bolan şertleri döretmek, olaryň hukuklarynyň berjaý edilmegini üpjün etmek ýaly meseleler boýunça ýurtlaryň BMG bilen, hususan-da, Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirligi bilen işjeň hyzmatdaşlygyň alnyp barylmagynyň wajyplygy nygtaldy. Türkmenistanyň bu ugurda alyp barýan syýasaty, durmuşa geçirýän taslamalary we maksatnamalary, şeýle hem ýakyn geljek üçin meýilleşdirilen çäreleri barada aýtmak bilen, türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy ýurtda 2024-nji ýylda geçirilmegi göz öňünde tutulýan raýatsyzlygy ýok etmek boýunça sebitleýin maslahat barada aýratyn belläp geçdi. Ýokary komissar Türkmenistanyň Hökümetine BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen alyp barýan ýakyn hyzmatdaşlygy üçin hoşallygyny bildirdi. Şeýle hem Türkmenistan tarapyndan geçirilmegi meýilleşdirilýän sebit maslahaty baradaky başlangyjy goldady. Mundan başga-da, Ýokary komissar Türkmenistanyň Merkezi Aziýa sebitinde bosgunlar we raýatsyzlyk bilen bagly ähli Konwensiýalara goşulan ýeketäk döwlet bolup durýandygyny nygtady hem-de türkmen tarapynyň raýatsyzlygy ýok etmek ugrunda görkezýän işjeňligi we bu ugurda gazanan üstünlikleri barada aýratyn belledi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir